«Mulanyň» meşhurlygy

24 Fewral 2021
1047

Çagalaryň küýsegine öwrülen «Mulan» multfilmi «Walt Disney Pictures» studiýasy tarapyndan 1998-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige ýetirilýär. Dowamlylygy 88 minut bolan bu multfilm doly göwrümli bolup, ol studiýanyň çykaran 36-njy animasiýa filmidir.

«Mulan» köpçülige ýetirilen dessine, hepdäniň ahyrynda 22,8 million dollar gazandy we «X-Faýllardan» soň şol hepdäniň iň köp girdeji gazanan animasiýa filmi boldy. ABŞ-da we Kanadada 120 million dollar, şeýle hem dünýäde 304 million dollar gazanyp, «Flick's Adventuresden» soň ol ýylyň ikinji uly maşgala multfilmine öwrüldi.