Watany wasp edýän aýdymlar

24 Fewral 2021
987

Welaýat çagalar sungat mekdebindäki hor topary geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri hereket edip gelýär. Mekdepde sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan çagalaryň ählisi diýen ýaly bu topara agza boldular. Mekdebimizdäki hor topary şu günler hem şanly baýramçylyklarymyza täze aýdym-sazlar bilen sowgatly barýar.

Meniň bu topardaky iş tejribäm mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş. Şu ýylyň 1-nji awgustynda zähmet ýoluma başlanyma 30 ýyl bolýar. Geçen ýyllaryň içinde ýolbaşçylyk eden çagalar hor toparlarymyz bilen türkmen kompozitorlarynyň we dünýä aýdym-saz hazynasynyň eserleriniň köpsanlysyny öwrenip, toýdur baýramlarymyzda ýerine ýetirdik.

Jahangül TAŞOWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.