Onlaýn ussatlyk sapagy

22 Fewral 2021
1078

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasy bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ussatlyk sapagy guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Sanlylaşdyrmak — dünýä ösüşiniň esasy şerti. Ol biziň gündelik durmuşymyza we hünär işimize barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär» diýip belleýär. Şuňa laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Talyp ýaşlara berilýän bilimi baýlaşdyrmakda, dünýä ülňülerine laýyk getirmekde uly işler alnyp barylýar.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.