Durnukly ösüşiň maksatlary

21 Fewral 2021
1243

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täsin tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekologiýa boýunça wagyz-nesihat etmek babatda belli bir maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Daýançmyrat PÖTDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.