Türkmenistan — bagy-bossan

19 Fewral 2021
1159

Şäheriň gözelligi ugrunda

Welaýat merkeziniň bag-seýilgäh ulgamynyň täze agaçlar, güller bilen üstüniň ýetirilmegine Daşoguzyň arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň zähmet topary uly goşant goşýar. Mysal üçin, geçen ýylyň güýz möwsüminde onuň hünärmenleri özleriniň garamagyndaky açyk görnüşli nahalhananyň çäginde hemişe ýaşyl öwsüp oturan pirikato gyrymsy bezeg agaçlarynyň nahallaryny ekdiler. Ol gyrkyp, dürli şekilleri ýasap bolýandygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda şäheriň dürli künjeklerinde ondan ýasalan şekilleri görmek bolýar. Ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bu agaçlaryň sany has köpelse, onda onuň welaýat merkeziniň tokaý zolagynyň öňküden hem gözelleşmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.