Çal möjekler

17 Fewral 2021
2420

Möjekleriň agajet, syrdam, dykyz göwresi, inçe aýaklary bardyr. Inçeden gelen uzyn ýüzi, gyýak ýerleşen hyrsyz gözleri, ýere biraz ýetmän duran guýrugy, mydama diýen ýaly dik durýan gulaklary olary itlerden tapawutlandyrýar. Daşdan göräýmäge, olaryň hemmesi birmeňzeş çal bolup görünse-de, olaryň hersiniň ýaşaýan ýerlerine we ýylyň her paslyna baglylykda reňkleriniň, tüýleriniň uzynlygynyň tapawudy bolýar. Ýumşak, agymtyl tüýleriniň arasynda gara, ýogyn gyllaryň bolmagy ähli möjeklere mahsusdyr. Şonuň üçin olara çal möjekler diýilýär.

Möjekler çöllerde, baýyrlarda, daglyk ýerlerde ýaşaýarlar, adamlardan gaça durýarlar. Olar çaýlaryň, jarlaryň içinde, urpak ýerlerde, daglyklarda özlerine süren edinýärler. Möjekler tomsuna ýeke, kähalatlarda iki-üç bolup, güýzüne we gyşyna bolsa tutuş maşgalalary bilen orda bolup aw edýärler. Aw awlanlarynda ordanyň ähli agzalary sazlaşykly hereket edýärler. Ýaş möjekler oljany dürli taraplaryndan ürküzip, belli bir ugra tarap gaçmaga mejbur edýärler. Uly möjekler bolsa gerek ýerinde bukulyp, çemine gelende, bat bilen oljanyň üstüne böküp, bokurdagyndan ýapyşýarlar we ony ýere ýykmak bilen bolýarlar.

Şemşat ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.