Köňüllerdäki buýsanç dillerde sena

15 Fewral 2021
910

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzda halkymyzyň buýsanjy bolan mährem eneleriň we gelin-gyzlaryň hormat-sarpasy belentde tutulýar. Zenanlaryň jemgyýetdäki hukuklary we bähbitleri goralyp, olaryň öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Muňa geçirilýän maslahatlaryň, duşuşyklaryň, bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» bäsleşigi-de şeýle çäreleriň biridir.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkanabat şäherinde geçirilen welaýat tapgyryna onuň etrap-şäher tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, tapawutlanan zenanlar gatnaşdylar. Zenanlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has giňden çekmek maksady bilen guralan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar berlen şertlere laýyklykda, dürli ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Nursoltan DEPBIÝEWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».