Baglar gülledi

15 Fewral 2021
1083

Golaýda gazetimiz bilen ýygy aragatnaşyk saklaýan kerkili bilim işgäri Ödegeldi Kulyýew redaksiýa jaň edip, etrapda baglaryň gülläp başlandygyny we tebigatyň täze keşbini surata düşürendigini habar berdi. Ol öňki ýyllarda, adatça, badamyň ir gülleýändigini, ýöne şu ýyl ilkinji bolup erigiň gülländigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu habar bereketli türkmen topragyna şahandaz bahar paslynyň golaýlap gelýändigine şaýatlyk edýär. Gyşyň soňky aýynda howanyň ýyly gelmegi tebigatyň ir janlanmagyna getirdi. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa halk senenamamyz boýunça çarwa gyşy tamamlanyp, hut döwri başlanýar. Ol 21-nji fewraldan 22-nji marta çenli dowam eder. Bu döwür daýhanlaryň ýaz-meýdan işlerine gyssanmaly döwrüdir. Welaýatymyzyň babadaýhanlary häzirki günlerde ýeralmadyr beýleki gök ekinleriň ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Baglaryň güllemegi bolsa sygyr ýylynyň bereketli boljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Mämmet GYLYJOW.