Ahyrky garagyş

14 Fewral 2021
1438

Ahyrky garagyş — bu 6 — 21-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 15 gün bolan döwürdir. Türkmen halk senenamasy boýunça Ahyrky garagyş gyş paslynyň ahyrky günleridir. Ata-babalarymyz gyş paslynyň tamamlanmagyny 22-nji fewralda «Togsan doldy» diýip, belläpdirler.

Ahyrky garagyş döwri başlananda, ýurdumyzda gündiziň dowamlylygy 1 sagat töweregi uzalyp, ol ýurt boýunça ortaça 10 sagat 29 minuta barabar bolýar. Gijeler gysgalyp, gündizler uzalsa-da, bu döwürde-de howa sowuk bolup, käte ýerde garyň ýatýan halatlary hem bolýar.

Öwezgeldi ARTYKOW,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.