Täsin güller

11 Fewral 2021
1523

Orhideýa gülleri bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýär. Ylymda gülleriň 35 müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Gögerýän topragyna baglylykda orhideýa gülleri epifit, saprofit ýa-da litofit görnüşli bolýar. Olaryň aglabasy epifit ösümlikler (bagyň şahasynda, başga ösümlikleriň üstünde ösýän, ýöne mugthorluk etmeýän) hasaplanýar, ýöne litofit görnüşlilerem (daşly, çagylly ýerde bitýän), saprofit hillilerem (mugthor, ýagny başga ösümlikleriň üstünde ösýän we şolaryň hasabyna iýmitlenýän) duş gelýär. Orhideýa gülleri gözelligi, täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Geliň, şolaryň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri bilen tanyş bolalyň!

Kaleana ýa-da uçýan ördek orhideýasy

Hurmagözel PAZZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.