Tebigaty goramak hemmeleriň borjudyr

10 Fewral 2021
1402

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bitewüligini, durnuklylygyny we ýokary öndürijiligini gorap saklamak, olary netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň bir bölegi bolan dag tokaýlarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmakda we durnuklaşdyrmakda ähmiýeti barha artýar.

Ogulbagt SEÝDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň esasy hünärmeni.