Dillerde ajaýyp eseriň waspy

5 Fewral 2021
1804

Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, edep-ekramlylyk türkmen zenanlarynyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli aýratynlyklardyr. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, Tug ýaly belende göterilýär. Zenanlarymyzyň süňňüne siňen bu milli häsiýetler, aýratynlyklar arkaly ýaş nesilleriň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize, şu günümize buýsanç, geljegimize ynam terbiýelenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz ene-mamalarymyzdan gelýän bu aýratynlyklary ýaş nesliň kalbyna guýmakda, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinden ugur alýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem halkymyzyň geçmişi, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol ýörelgelerimiz, şöhratly taryhymyzy şu günlerimiz bilen baglanyşdyrýan wakalar çeperçiligiň ýokary nusgasynda beýan edilýär. Eziz Arkadagymyzyň ajaýyp eserini halk köpçüliginiň, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz etmekde geçirilýän dürli çärelerdir bäsleşikler bolsa uly ruhubelentlige beslenýär.

Nursoltan DEPBIÝEWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».