Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

27 Ýanwar 2021
1907

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösýän, özgerýän ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň ençeme ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýäde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşleriň bähbitlerine gönükdirilendir. Muňa ýurdumyzyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Ýewropa Öýüniň hereket etmegi, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň, iri halkara guramalarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň uly hormatyna mynasyp bolan Bitarap Türkmenistanyň dünýäde abraý-mertebesiniň örän ýokarydygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugynyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşy pugtalandyrmakda, döredijilikli ösüşleri gazanmakda möhüm orun eýeleýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasy häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynyň esasyny düzýär hem-de derwaýys meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar we gepleşikler arkaly çözülmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurda öňde goýlan uzakmöhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji syýasy-diplomatik gural bolup hyzmat edýär.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.