Aşgabat — halkara ýaryşlaryň mekany

27 Ýanwar 2021
1241

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedigi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýändigi, ekologik howpsuzlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. 2018-nji ýyldan bäri Bitarap Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni özüniň derwaýyslygy, döwrebaplygy bilen umumadamzadyň ünsüni özüne çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň halklaryň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu halkara derejeli ykrarnama Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň welosiped medeniýetini ösdürmek baradaky tagallalary ähli ýaşdaky raýatlarymyzy jebisleşdirdi, dostlaşdyrdy. BMG-niň bu taryhy Rezolýusiýasy ähli adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.

Hemra MYRADOW,
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymy.