Şahyryň paýhasly setirleri

12 Ýanwar 2021
1439

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir halkymyzyň edebi mirasynyň däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynyň ösmegine hem oňyn täsir etdi. Şahyryň hikmetli setirleri ulus-iliň kalbynda pugta orun aldy. Onuň köp sanly parasatly sözleriniň atalar sözüne öwrülip gitmegini-de halkyň oňa beýik bir akyldar hökmünde garamagy bilen düşündirip bolar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özüne çekijiliginiň ýene bir tarapy, onuň durmuş, ýaşaýyş, tebigat, dünýä bilen berk baglanyşykda bolmagydyr. Goşgularda beýan edilýän wakalaryň köpüsi durmuşda gabat gelýän wakalarymyz, zatlarymyz. Ýazylýan her bir zat durmuşa näçe ýakyn boldugyça, ol şonça-da täsirli bolýar. Magtymgulynyň goşgulary — durky-düýrmegi bilen durmuşyň hut özi. Şonuň üçin ol ýerden özümize gerek çeşmeleri aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Şeýle täsirli çeşmeleriň biri hem ussadyň söz sözlemek, sözleýiş edebi hakynda ýazyp giden setirleridir.

Orazjemal MYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.