Tebigat geýinip akja köýnegin, ýyly garşylady gözellik bilen

11 Ýanwar 2021
1946

Tebigatyň ähli pasly biri-birinden owadan. Hamala, olar biri-biri bilen owadanlykda bäsleşýän ýaly. Edil şu günler bolsa gözel tebigatymyz has-da owadanlyga beslenipdir. Dogrusy, ol geýinip akja köýnegin, ýyly garşylapdyr gözellik bilen.

Gar reňkli ulagymyz günorta gitdigiçe, görýän gözelligiňe aklyň haýran galýar. Ulagy saklap, tebigat bilen gaýybana gürleşesiň, onuň goýnunda surata düşesiň gelýär. Tebigat saýlap-saýlap, şeýle bir owadan köýnegini geýipdir welin, edil durmuşa çykjak gyzy ýadyňa salýar. Onuň akja köýneginde ýiti ýylpyldylar öwşün atyp, çar ýana şöhle saçýar.

Maral AGAMYRADOWA.