Jümle-jahan habarlary

11 Ýanwar 2021
1591

«A-68» aýsbergi ikä bölündi

Ýewropanyň kosmiki gullugy (EKA) dünýäniň iň uly «A-68» aýsberginiň ikä bölünendigini habar berdi. Indi alymlar äpet buz bölekleriniň hereketini yzarlamaly bolarlar. Aýsbergiň ikä bölünmeginiň sebäbi heniz belli däl. Emma alymlar onuň Günorta Georgiýanyň kenarynyň onlarça kilometrlik ýalpaklygyna tarap ýüzmegi zerarly bu ýagdaýa gelendigini çaklaýarlar. Aýsbergiň ýalpaklyga golaýlaşmagy we onuň ummanyň düýbüne degmegi zerarly bu äpet buz böleginiň bölünmegine alymlar öňräkden bäri garaşýardylar. Şeýle hem olar soňky birnäçe günüň dowamynda «A-68-iň» sagat diliniň ugruna hereket edip aýlanandygyny-da belleýärler. Umumy meýdany 4200 inedördül kilometr bolan bu buz bölegi indi ep-esli kiçeldi. Onuň bölünip aýrylan bölegi 175 inedördül kilometre barabardyr. Alymlar «A-68-iň» ýuwaş-ýuwaşdan has kiçi böleklere-de bölünmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Emma munuň üçin ýene ençeme ýyllaryň gerek boljakdygy hem anyk.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).