Goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si

19 sagat öň
25

Paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Ag­ro­food» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de Türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Eý­ra­nyň döw­let hem-de söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň, oba ho­ja­lyk, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryn­da, hi­mi­ki we gap­la­ýyş önüm­çi­li­gin­de, lo­gis­ti­ka, bank, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 60-a go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri bar.