Gadymy hem müdimi Şähryslam

17 Dekabr 2024
143

Diýarymyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, gadymy döwürlerde gülläp ösen ajaýyp şäherleriň taryhy-binagärlik ýadygärlikleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olar ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşip, döwlet tarapyndan goralýar we ylmy-arheologiki gazuw-agtaryşlaryny we dikeldiş işlerini alyp barmak arkaly yzygiderli öwrenilýär. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Nusaý, Änew, Abiwerd, Altyndepe, Namazgadepe, Sarahs ýaly gadymy ýadygärlikleri buýsanç bilen görkezmek bolar. Şeýle ýadygärlikleriň hatarynda welaýatyň çäginde ýerleşen Şähryslam şäheri aýratyn orna eýedir.

Şähryslam şäheri özüniň tebigy taýdan ýerleşişi, jaýlarynyň binagärlik-gurluşy, çarwa medeniýeti babatda dürli aýratynlyga eýe bolupdyr. Bu gadymy şäher hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gymmatly maglumatlar bar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Şähryslam şäheriň Bäherden şäherçesiniň merkezinden 20 kilometr demirgazykdaky orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndysydyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär.