Sergi bäsleşigi

13 Dekabr 2024
179

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk baýramy — parahatlyk aýdymy» atly şygar astynda sergi bäsleşigi geçirildi. Ol nakgaşçylyk, halyçylyk, grafika, çeperçilik sungatynyň ugurlary hem-de Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy wasp etmekden ybarat boldy. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa gatnaşdyrylan işler sergide Watanymyzyň gözelligi, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň asuda-parahatlygy, halkymyzyň ruhy dünýäsi, medeni-mirasy we häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen şöhlelendirildi. Netijede, 1-nji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülnäzik Tozanlyýewa, 4-nji synp okuwçysy Şahlo Žasurbekowa 1-nji synp okuwçysy Bibipatma Mämmedowa, 2-nji synp okuwçysy Leýli Orazgeldiýewa, 2-nji orna şu mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mähriban Aşyrowa, 2-nji synp okuwçysy Hatyça  Hudaýbergenowa, 3-nji synp okuwçysy Mylaýym Karajanowa, 1-nji synp okuwçysy Çaraz Rawşanowa, 3-nji orna mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Begzad Matýakubow, 1-nji synp okuwçysy Roza Saidowa, 2-nji synp okuwçysy Suleýman Jabbarow, 4-nji synp okuwçysy Meňli Ödäýewa dagy mynasyp boldular.

Sergi bäsleşiginde ýeňiş gazanan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şirin HAÝTJANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.