Kämil ulgamyň ähmiýeti

6 Ýanwar 2021
1626

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna düýpli ornaşdyrylýar. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Bu ýerde, esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenmegi) ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar.