Bitaraplyk — baky bagtymyz

11 Dekabr 2024
160

Änew şäherindäki “Bagt ýyldyzy” toý mekanynda “Bitaraplyk—baky bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

Dabarada çykyş edenler eşretli döwrümizde toýlarymyzyň toýa ulaşýandygy, Halkara Bitaraplyk gününiň hem naýbaşy baýramlarymyzyň biri hökmünde uludan bellenilip geçilýändigi barada aýdyp, bu baýramyň ähmiýeti dogrusynda söhbet açdylar.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.