Uly çille

7 Dekabr 2024
241

Ýurdumyzda gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Ata-babalarymyz bu pasly dörde bölüp, onuň her bölegini häsiýetine, wagtyna görä atlandyrypdyrlar. Ata-babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda ýöredip gelen milli senenamasy boýunça 7-nji dekabrda garagyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar.

Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şondan bolsa gerek, uly çille hem kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli bolan döwri alyp görseň, aýazly, sowuk günleriň hut şu döwürde köp bolýandygy äşgärdir. Ýöne käte bu döwürde maýyl günler hem köp bolýar. «Edil ýazyň güni ýaly» diýdirýän şol günlerde maldarlar öňde boljak aýazly günlere taýýarlyk görýär, daýhan hem suw akabalaryny arassalap, gyş suwunyň aladasy bilen bolýar. Garaz, gyşyň maýyl gününi her kim özüçe peýdalanýar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».