Reňkleriň täsiri

4 Ýanwar 2021
1609

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär.

Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.