Sport – sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

30 Noýabr 2024
237

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda uly ösüşlere beslenýän 2024-nji ýylda geçilen menzillere ser salanyňda, bu şöhratly ýylyň türkmen sportunyň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazylýandygynyň şaýady bolýarsyň. «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diňe bir noýabr aýynda bolup geçen şanly wakalaryň mysalynda hem köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine, «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji

ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

«Türkmen sporty».