Dil — ru­hy ha­zy­na

30 Noýabr 2024
222

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim almaga, ylym öwrenmäge giň ýol açylýar, uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, döwrebap ylym öwrenmek üçin dünýädäki ösüşlerden habarly bolmaly, munuň üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek zerurdyr.

Ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler ýaşlara bildirilýän belent ynamyň netijesidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek islendik kärde işleseň-de, okasaň-da, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin iň möhüm aýratynlykdyr. Bu sport babatda gürrüň edilende hem şeýledir. Çünki ýurdumyzyň köpugurly ösüşi tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Aýnabat ANNAGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.