Abaý Kunanbaýew (1845 — 1904)

4 Noýabr 2024
442

Abaý Kunanbaýew gazak halkynyň görnükli şahyrydyr. Ol 1845-nji ýylda Gazagystanyň häzirki Semipalatinsk welaýatyndaky Çingis daglarynyň eteginde dogulýar. Şahyryň çyn ady Ybraýymdyr. Örän düşünjeli, sowatly ejesi Ulžan ony ýaşlykdan «Abaýym», «Abaý» diýip söýgüläpdir. Bu soňra onuň lakamyna öwrülipdir. Onuň kakasy Kunanbaý öz taýpalarynyň kethudasy bolupdyr. Zere atly enesiniň aýdyp berýän ertekidir rowaýatlary Abaýyň geljekde zehinli şahyr bolup ýetişmegine uly täsir edipdir. Abaý başlangyç bilimini öýlerinde mollanyň elinden alyp, soňra Semipalatinsk şäherindäki Imam Ahmet Ryzanyň medresesinde okapdyr. Şol ýerde-de Abaý ilkinji gezek Gündogaryň Ferdöwsi, Nyzamy, Fizuly, Nowaýy, Magtymguly ýaly dünýä belli söz ussatlarynyň eserleri bilen gyzyklanyp başlapdyr. Ol on iki ýaşyndan başlap, goşgy düzüp ugrapdyr. Şunlukda, ol toý aýdyşyklaryna gatnaşyp, il içinde tanalyp başlaýar.

Abaý Kunanbaýew şygyr düzmek bilen birlikde, rus ýazyjylaryndan A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň eserlerini, I.A.Krylowyň basnýalaryny gazak diline terjime edipdir. Şahyryň hakyky döredijilik işi, esasan, kyrk ýaşynda kämillige ýetip, tä ömrüniň ahyryna çenli pajarlap ösüpdir. Şol aralykdaky döwrüň içinde onuň döreden eserleri iki toma ýetipdir.

Zübeýda AMANGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.