Beýik ösüşleriň eýýamy

30 Oktýabr 2024
272

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi.

Garaşsyzlyk türkmen halkyny dünýä çykardy, onuň at-abraýyny, şöhratyny, mertebesini, ruhy baýlygyny, ylmyny-bilimini, ynsanperwerligini belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbaly bilen bagly ilkinji nobatdaky möhüm wezipeler iňňän oýlanyşykly, parasatlylyk bilen çözüldi. Garaşsyzlyk türkmene gurmaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyny uludan tutdy. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň Başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Onda ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň, ýetilen belent sepgitleriň, bitirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyş edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.

Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.