Türkmen halysynyň nepis görnüşleri «Abadan halyda»

28 Oktýabr 2024
290

Nepisligi bilen sungata öwrülen türkmen halylary geçmişde-de, şu günlerem dünýä halklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi siňen bu halylar türkmen halkynyň kalbynyň, belent ruhunyň aýnasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu sungatyň owazasy dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda haly önümçiligi bilen meşgullanýan ýerli kärhanalarymyzyň yhlasly zähmetkeşleriniň birleşen tagallary netijesinde haly önümçiliginde uly üstünlikler gazan y l ý a r . Şeýle kärhanalaryň b i r i - d e 2 0 1 6 -n j y ýylda Aşgabat şäh e r i n i ň Büzmeýin etrabynda işe başlan «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Bu kärhana ýurdumyzda haly we haly önümleriniň ajaýyp nusgalarynyň toplumyny hödürleýän tanymal öndüriji tarapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak patasy bilen açylyp, ulanylmaga berlen «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysga wagtyň içinde ýokary hilli haly önümlerini öndürmekligi, kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň sanyny artdyrmaklygy, şeýle hem ýüzlerçe täze iş orunlaryny döretmekligi ýola goýdy. Önümleriň hiline aýratyn üns berilýän kärhananyň önümçilik toplumynda Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy hem bellärliklidir. Bu toplumda dokalýan göze ýakymly we ýokary hilli önümler häzirki güne çenli uly islege eýe. Toplumda haly önümleriniň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. Oňa «Güneş», «Kerwenli», «Nusaý», «Kerwen», «Bahar» ýaly halylary mysal getirmek bolar. Ýeri gelende belläp geçsek, ýakynda kärhanada «Zemin» atly täze halynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Amanmyrat MUHAMMEDOW,
«Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm başlygy.