Türkmenistan: Bagtyýarlyk mekany

27 Oktýabr 2024
312

«7/24.tm»: №44 (23128.10.2024

Ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak hem-de bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, se­bi­tiň we tu­tuş yk­ly­myň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bi­di­ne özü­niň üs­ta­şyr ulag kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu se­bit­de ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, şol san­da, hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we ho­wa men­zi­li­niň, aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň bar­ly­gy örän äh­mi­ýet­li­dir.