Lagym ulgamlary işe girizildi

24 Oktýabr 2024
328

Ýurdumyzda raýatlaryň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin edilýän aladalar ajaýyp miwesini berýär. Giň gerimde gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman ýaşaýyş toplumlary munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenabat şäherinde gurlan täze şäherçe hem şeýle döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň biridir. Bu ýerde her biri 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy bar. Şäherçede 1200-den gowrak maşgala bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurlan täze toplumda daşarky basyşly we şäheriň täze lagym arassalaýjy desgalaryna barýan lagym ulgamlary işe girizildi. Desgalaryň gurluşygyny «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň tejribeli gurluşykçylary amala aşyrdylar.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.