«Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary»

23 Oktýabr 2024
287

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasaty Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýar. Şu Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamaga, ylmy taýdan barlamaga, aýawly saklamaga, goramaga, öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn goşant goşan fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde höweslendirilip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar.

Gaýgysyz ORAMOW,
Arkadag şäheriniň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň esasy hünärmeni.