Agronomyň arzyly menzilleri

23 Oktýabr 2024
524

Könelerimiziň: «Boljak oglan başdan belli» diýişleri ýaly, Ahmet aganyň hem ene ýere bolan yhlasy has ýaş wagtlary aýan boldy. Ony içgin tanaýanlaryň aýtmaklaryna görä, Ahmet aga okuwdan boş wagtlarynyň aglabasyny öz hojalygyna degişli mellek ýerinde ýa-da şol wagtky kolhozyň ekin meýdanlarynda geçirerdi. Topar ýolbaşçysynyň tabşyran her bir işine yhlasly çemeleşerdi. Ekerançylyk ýerlerinde ekilýän ekinleriň islendiginiň ekiş, bejeriş, ýygym işlerine höwes bilen gatnaşardy. Ol janypkeşligi, tutanýerliligi bilen beýleki ýoldaşlaryna-da görelde bolardy.

Haçan-da orta mekdebi, harby gullugy tamamlap, hünär saýlamaly bolan wagtlary hem ol ýaýdanman, Türkmenabadyň oba hojalyk işgärlerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebine okuwa girip, agronomçylyk hünärinde okap, bilimini artdyrdy. Oba hojalyk işlerine öňdenem bişişen ýigide okuw onçakly kyn düşmedi, gaýtam, tejribede görenlerini has-da düýpli öwrendi. Okuwda ol täze ýerleri özleşdirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, ekerançylyk ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almagyň, umuman, ýerden bol hasyl almagyň ähli usullaryny öwrendi. Tapawutlanan diplom bilen orta hünär okuw mekdebini tamamlan Ahmet 1990-njy ýylda öz obasynda, ýagny, Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginde agronom bolup, zähmet ýoluna başlady.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.