Ertirki hasylyň şu günki aladalary

22 Oktýabr 2024
354

Şu ýyl Lebap welaýatynyň ussat gallaçylary hem öňde goýan belent maksatlaryna ýetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýerde ekişiň möhletiniň dogry saýlanyp alnandygyny aýdasymyz gelýär. Çünki ir, endigan gögeriş almak üçin bu möhlet örän amatly hasap edilýär.

Gyzgalaňly dowam edýän günlerde welaýatymyzyň kärendeçileri hemmelere görelde görkezýärler. Olaryň arasynda Kerki etrabynyň Osman Ödäýew adyndaky daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gurbannazar Allaberdiýew hem bar. Ol özüne degişli bolan 3 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny alyp, meýilnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý edýän daýhanlaryň biri. Janypkeş daýhan geçen ýyl her gektardan 40 sentner hasyl alyp, Watan harmanyna öz goşandyny goşdy. Ol şu ýylky ekilýän bugdaýyň her gektaryndan 50 sentner hasyl almagy maksat edinýär.

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz. SURATDA: kärendeçi Gurbannazar Allaberdiýew.