Ýeňijileri sylaglamak dabarasy

23 Sentýabr 2024
463

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynyň birinji ligasynyň Balkan sebiti boýunça öňdäki orunlary eýelän toparlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de welaýat futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabara dürli pudaklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary ruhubelentlige beslenen dabaraly çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sportuň ähli görnüşiniň, şol sanda futbolyň ösmegi üçin hemme şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetimizde has-da rowaçlanmagy üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň etdiler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Aşyrberdi Gurbanow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».