Talyplar sporty ösüş ýolunda

20 Sentýabr 2024
456

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara derejeli sport ussatlaryny we tejribeli tälimçileri taýýarlamak, ýaş türgenleriň täze neslini kemala getirmek işi ýurdumyzda anyk wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport mümkinçilikleriň we üstünlikleriň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirilýär. 13-nji sentýabrda ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek hem-de ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynyň gatnaşmagynda okuw-maslahat geçirildi.

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.