Dünýä ýaň salan şäher

11 Sentýabr 2024
43

Her bir güni şanly taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýan eziz Diýarymyzda hoş habarlar göwünlere ganat berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan ajaýyp Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga mynasyp bolmagy şanly ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň biri boldy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň 60-dan gowrak döwletiniň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sergide jemi 116 pawilýon görkezildi. Şolaryň arasynda bu baýragyň Arkadag şäherine ilkinji bolup gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamalarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide «akylly» Arkadag şäheri «Daşary ýurt «akylly» şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly baýraklara-da mynasyp boldy. Bularyň ählisi sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň şan-şöhratynyň bütin dünýä içre ýaýylýandygynyň nyşanydyr.

«Daşoguz habarlary».