Türkmen-gazak dostlugynyň täze sahypasy

11 Sentýabr 2024
21

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde bu günki gün Türkmenistan döwletimiz dost-doganlyk menzillerinde ösüşiň belent sepgitlerini nazarlaýar, goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dostanalyga we parahatsöýüjilikli gatnaşyklara gönükdirilen hyzmatdaşlyklary barha pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen umumy we ikitaraplaýyn bähbitli şeýle gatnaşyklary alyp barýan döwletleriň biri hem, doganlyk Gazagystan Respublikasydyr. Golaýda, has takygy, 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ýurduň abraýyna täsir edýän beýik işlere dahylly bolmak paýy seniňem ykbalyňa mertebe eçilýär. Bu, ilkinji nobatda, ynsanyň duýgy hem-de pikir taýdan ösmegine, netijede bolsa, onuň şahsyýetiniň görnetin kämilleşmegine getirýär. Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde şeýle döwletli saparyň düzüminde bolmak bagty bizde hem şeýle täsin duýgulary döredip, ata Watanymyza bolan söýgini, Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy öňküden-de goşalandyrdy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ak uçaryna münüp, gök asmandan dostlukly ýurda sary, has takygy, Gazagystanyň Astana şäherine tarap ugranyňdan iki gadymy halkyň arasyndaky eýýamlara uzap gidýän taryhy, syýasy we medeni gatnaşyklar, iki halka hem dahylly bolan meşhur şahsyýetler göz öňüňde janlanýar. Şolaryň hatarynda türki halklaryň arasynda «Medinede — Muhammet, Türküstanda — Hoja Ahmet» diýen mertebeli jümlä eýe bolan Ýasawylyk mekdebini esaslandyryjy keramatly pir, akyldar Magtymguly Pyragynyň:

Aşgabat — Astana — Aşgabat.