Baş aladamyz — adamlar

11 Sentýabr 2024
30

Ynsan üçin jan saglykdan uly baýlyk, sagdyn ýaşamakdan uly bagt ýok. Adamyň jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan ýurdumyzda bu mesele hemişe ileri tutulýar. Şu maksat bilen köptaraply, belent maksatly çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň arasynda her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk möhüm orunda durýar. Onuň çäginde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýän çärelere giň gerim berilýär. Il-ýurt bähbitli işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Işlerimizi biraýlygy guramaçylykly geçirmek boýunça işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda guraýarys. Geçirilýän wagyz-nesihat, öwüt-ündew maksatly duşuşyklar, dürli maslahatlar we gyzykly bäsleşikler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek bilen utgaşdyrylýar.

Alyp barýan işlerimizde ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladany has ileri tutýarys. Sebäbi olaryň sagdyn ösmeklerini gazanmaga biz — ulular aýratyn jogapkärçilik çekýäris. Işlerimizi çagalar baglaryndan başlap, onda geçirilýän çärelere terbiýeçiler bilen bilelikde ene-atalaryň gatnaşmaklaryny hem gazanýarys. Şonda olara körpelere ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmelidiklerini, olaryň ýollarda oýnamaklaryna ýa-da welosiped sürmeklerine ýol bermeli däldigini düşündirýäris. Şeýle işler orta mekdeplerde has çuňňur derejede alnyp barylýar. Geçirýän çärelerimize mekdep okuwçylaryny giňden çekýäris. Ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp guralýan bäsleşiklere ýaşlar höwes bilen gatnaşýarlar. Biz şeýle işleri ýylyň bütin dowamynda geçirmek arkaly bagtyýar çagalarymyzyň ömürleriniň rahat bolmagyny gazanarys.

Azat Poladow,
Saýat etrap polisiýa bölüminiň Sakar şäher polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.