Bilelikdäki netijeli işler

11 Sentýabr 2024
25

Altyn güýzüň ilkinji aýynda dowam edýän biraýlygyň çäginde dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe müdirligimiziň şahsy düzümi hem işjeň gatnaşýar. Şonda beýleki gulluklar we edara-guramalar bilen tagallalarymyzy birleşdirmäge çynlakaý üns berilýär.

Guramaçylykly ýagdaýda dowam edýän biraýlyk mynasybetli müdirligimizde duşuşyk geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri hem gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli berjaý etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine üns çekildi. Ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketiniň barha ýygjam häsiýete eýe bolýan şertlerinde herekete gatnaşyjylaryň ählisiniň degişli kadalary berk berjaý etmekleri hökmany talap bolup durýar. Olara ilatyň arasynda geçirilýän çärelerde ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigi nygtaldy. Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň kadalary bozulan ýagdaýynda adamyň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirip biläýjek hadysalar barada taýýarlanylan şekilli ýazgylar hem görkezildi.

Wepa SEÝTIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.