Ýurduň beýik geljegini gurujylar

11 Sentýabr 2024
29

Ata Watanymyzda beýik maksatlaryň, taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmeginde ýaşlara bil baglanýar. şonuň üçin hem dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän bilimli, ylymly, hünärli, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş aladasydyr. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menziliň, bitirilmejek işiň ýokdugyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hemişe nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda ýaşlara ýurduň beýik geljegini gurujylar hökmünde garaýandygymyzy buýsanç bilen belläp geçýär.

Döwlet derejesinde bildirilýän şeýle uly ynam bagtyýar ýaşlarymyzy çäksiz buýsandyrýar. Munuň şeýledigini ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde çekýän yhlasly, netijeli zähmetlerinde doly görmek bolýar. Olaryň bilimde, ylymda, medeniýetde we sungatda, saglygy goraýyşda, sportda hem-de beýleki ugurlarda gazanýan guwandyryjy üstünlikleri-de bildirilýän şeýle uly ynamyň ajaýyp miweleridir. Ýaş nesliň gazanýan köptaraply üstünlikleri ýurdumyzda olar hakynda edilýän aladalara döwletimiz tarapyndan örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşilýändigine hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň egsilmez kuwwatyna, abraý-mertebesine deňelýän ýaşlarymyzyň özleri barada edilýän giň gerimli aladalara mynasyp jogap bermekdäki yhlas-tagallalarynyň guwandyryjy netijeleri «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserde mynasyp beýanyny tapýar.

Işanmämmet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.