Maksadymyz — ak ýollaryň howpsuzlygy

10 Sentýabr 2024
44

Islendik oba bolsun, şäher ýa-da şäherçe, tapawudy ýok, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýäde wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu işler özüniň oňyn netijesini hem berýär.

Häzirki wagtda nurana ýollarda hereket edýän dürli kysymly awtoulaglary edinýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Şol sebäpden täze ýollaryň, köpugurly awtomobil köprüleriniň, ýolagçy duralgalarynyň gurulmagyna, köçeleriň yşyklandyrylmagyna, ýol belgileriniň görnükli ýerlerde goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Ak ýollarda hereketiň güýçlenmegi bilen, ýol hereketine gatnaşyjylara, ýagny sürüjilere, pyýadalara, ýolagçylara bildirilýän talaplar hem güýçlendirilýär. Bu bolsa ýol hadysalarynyň öňüniň alynmagyny şertlendirýär.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.