Wagyz-nesihat duşuşygy

10 Sentýabr 2024
46

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa we bilim bölümleriniň bilelikde guramaklarynda şu günler etrabyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda meýilnama esasynda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, gürrüňdeşlikler, bäsleşikler geçirilýär. Şol çäreleriň barşynda ýaşlara ýol hereketiniň düzgünleri düşündirilýär.

Etrapdaky 23-nji orta mekdebiň okuwçy ýaşlarynyň arasynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek her birimiziň borjumyzdyr» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy has-da täsirli boldy. Onuň barşynda etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, Ýaşlar guramasynyň wekilleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, halypa mugallymlar çykyş etmek bilen, her bir adamyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge borçludygy barada nygtadylar, mekdep okuwçylaryna gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.