Halk maslahaty — döwletiligiň milli binýady

10 Sentýabr 2024
33

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýy ýylsaýyn belende galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, şeýle hem ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetini dünýä siwilizasiýasynyň belentliklerine galdyrmak maksady bilen durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli ösüşe badalga berildi. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Maksat GURBANGELDIÝEW,
žurnalist.