Ozon gatlagynyň goragy — adamzadyň derwaýys meselesi

10 Sentýabr 2024
32

Daşky tebigy gurşaw jemgyýetiň maddy, ruhy we medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin ilkinji we iňňän zerur çeşme bolup hyzmat edýär. Tebigat biziň umumy öýümiz bolmak bilen, bir bitewülikde ýaşamaga, tebigy baýlyklary örän oýlanyşykly peýdalanmaga borçly edýär.

Häzirki wagtda ekologiýa howpsuzlygy tutuş adamzadyň öňünde çözülmesi örän wajyp mesele bolup durýar. Ekologiýa howpsuzlygy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Orazdurdy SAPAROW,
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.