Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edeliň!

10 Sentýabr 2024
34

Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak ene-atalar üçin möhüm meseleleriň biridir. Ulular diňe düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalarda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek we olara eýermek endiklerini hem terbiýelemeli.

Çaga ýol hereketiniň kadalaryny 4 ýaşandan soň öwredip başlamaly. Ýoldan geçeniňizde, oňa haýsy reňkde geçendigiňizi, näme üçin durandygyňyzy, ýol bellikleriniň näme üçin goýulýandygyny aýdyp beriň. Çagalarda 6 ýaşa çenli ünslülik gowşak we gyralygyna görmek gowy ösmedik ýagdaýda bolýar. Mysal üçin, çaga ýoluň geçilýän zolagynda tötänleýin bir oýnawajyny gaçyryp, ony almak üçin yzyna dolanyp biler. Şol sebäpli çaga ýolda yzyňa dolanmaly däldigini düşündirmeli: ýaşyl çyra uzak wagtlap ýanmaýar, gyzyl çyra ýakylanda bolsa awtoulaglar hereket edip başlaýar. Beýle ýagdaýda olar pyýadanyň duran ýerine sürüp, ýol ulag hadysasyny döredip bilerler. Bu örän howply ýagdaýdyr.

Aýna ÝUSUPOWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň hasaba alyş lukmany.