Watan goragy mukaddesdir

9 Sentýabr 2024
40

Berkarar döwletimizde merdana ata-babalarymyzyň mertlik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilýär. Çünki Watany söýmek we goramak, harby borja ygrarly bolmak her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watan goragçylaryna harby bilimiň çuňlaşdyryp öwredilmegini gazanmak ugrunda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu hakykata altyn güýzüň ilkinji gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bilşimiz ýaly, mekdebiň döwrebap binasynda ýaşlara kämil bilim bermek, olaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ösüşini gazanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Täze toplumda döredilen şertler Watan goragçylarynyň ýaş neslini kemala getirmäge, olaryň zehinini ösdürmäge, harby başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge, harby talyplaryň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle döwrebap şertlerde harby bilim we terbiýe alýan ýaşlar geljekde halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň bähbidine durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşjak şahsyýetler bolup ýetişerler.

Muhabbat GURBANOWA,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.