Ýollar asuda — iller abadan

9 Sentýabr 2024
45

Welaýat ýörite sungat mekdebinde guran wagyz-nesihat çärämiz ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlandy. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi we ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärleri, kazyýet edaralarynyň wekilleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Bu ähmiýetli çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýollarda asudalygy saklamak, hereket howpsuzlygyny berjaý etmek, döräp biläýjek ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak bilen bagly täsirli çykyşlara giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň herekete gatnaşyjylaryň ählisi üçin esasy zerurlykdygy nygtaldy. Çykyş edenler üstümizdäki ýylda hem bu biraýlygy netijeli geçirip, raýatlarymyzyň ömürleriniň rahatlygyny üpjün etmek bilen bagly şeýle ählihalk işlerine uly goşant goşjakdyklaryny aýtdylar.

Bahtyýar NURMAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk, medeni-köpçülik işleri boýunça bölüminiň esasy hünärmeni.