Pyýada geçelgeleri we ýolugurly ulaglaryň duralgalary

4 Sentýabr 2024
32

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtly geljegi üçin beýik işler amala aşyrylýar. Asuda, abadan ýollarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hem edilýän işler sanardan kän. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň 14-nji böleginde görkezilen, ýagny Pyýada geçelgeleri we ýolugurly ulaglaryň duralgalarynyň düzgünlerinde görkezilen talaplary aýratyn jogapkärçilikli ýerine ýetirmelidigini ýatladýar.

Düzgünleşdirilýän pyýada geçelgesine golaýlaşyp gelýän ulagyň sürüjisi gatnaw böleginden geçip barýan ýa-da geçmek üçin oňa çykan pyýadalary geçirmek üçin tizligini peseltmäge ýa-da geçelgäniň öňünde durmaga borçludyr. Eger düzgünleşdirilmeýän pyýada geçelgesiniň öň ýanynda ulag säginen ýa-da hereketini haýalladan bolsa, onda goňşy hatardan barýan beýleki ulaglaryň sürüjileri diňe şol ulagyň öňünde pyýadalaryň ýoklugyna göz ýetirenden soňra hereketini dowam etdirip biler.

Şirmyrat AMANMYRADOW,
Harby awtomobil gözegçiliginiň jogapkär ýerine ýetirijisi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.