Kanuny talaplar berjaý edilmelidir

4 Sentýabr 2024
42

Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamaklary, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilendir. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň agzybirlikli gatnaşykda bolmaklaryny we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlarda asylly sypatlary terbiýelemek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Şol milli terbiýede ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalarynyň öňüni almak hem esasy maksatlaryň biridir.

Biz şu ýazgymyzda jenaýatyň edilmegine ýol açýan sebäpleri, şertleri we beýleki kanun bozulmalary aradan aýyrmak hakynda teklipnama barada durup geçmegi makul bildik. Jenaýatlaryň öňüni almak maksady bilen ýazylýan teklipnama belli bir jenaýat işi boýunça deslapky derňewi alyp baran, ilerki derňew edaralary tarapyndan jenaýatyň edilmegine getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak maksady bilen ýazylýan täsir ediş namasydyr.

Saparmämmet SAPARMÄMMEDOW,
welaýat prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.